send link to app

Belent Online app for iPhone and iPad


4.6 ( 336 ratings )
Shopping Food & Drink
Developer: Atajan Ovezdurdyyev
Free
Current version: 2.3.3, last update: 1 year ago
First release : 23 Jul 2021
App size: 36.27 Mb

"Halkymyzyň köpden bäri söýgisini gazanyp gelýän ""Belent"" supermarketi öz müşderileri üçin täze hyzmaty hödürleýär:
"Belent Online” - Ýurdumyzda onlaýn söwda hyzmatyny alyp barjak täze platformany işe goýberdi. Biz bu platformanyň üsti bilen supermarketimizde bar bolan müňlerçe brendleriň we on müňlerçe harytlaryň köpdürliligini alyjylarymyza hödürleýäris. Siz indi öz telefonyňyzdan "Belent Online" programmasyny aňsatlyk bilen Play Marketdan ýa-da App Store dan ýükläp ýa-da kompýuteriňizden gönimel www.belent.tm saýtyna girip aňsatlyk bilen gerekli harytlaryňyzy saýlap alyp bilersiňiz.
"Belent Online" bu söwdanyň täzeçil görnüşi bolmak bilen, bu ýerde önümi saýlamak, baha deňeşdirmek, amatly söwdany amala aşyrmaklyk mümkindir.
“Belent Online” internet marketimizde biz üçin möhüm bolan aýratynlyklarymyz:
Amatly baha!
Elmydama ýokary hil.
Siz üçin her gün täzelikler,arzanladyşyklar we aksiýalar.
Ýokary derejede alnyp baryljak hyzmatlarymyz.
Tölegleriň siziň islegiňize görä görnüşde tölenmegi.
Beýleki söwda nokatlary bilen baha deňeşdirme mümkinçilikleri.
Mugt eltip bermek we äkidilmegi üçin taýynlamak (samowywoz).
Ekspress eltip bermek (60 min)
Adaty eltip bermegiň ýokary tizliligi ( 60-90 min aralygynda).
Özüňize gerekli wagty sargyt ediň we getirmeli wagty görkeziň.
Sargytlar www.belent.tm saýt, mobile programmalar, el we şäher telefonlar arkaly günde 08:00 - 21:00 aralykda, hepdede 7 gün, ýylda 365gün kabul edilýär.
Birwagtda islän birnäçe ýeriňize sargyt ediň.
Harytlarymyzyň köpdürliligi bilen giňden tanyş boluň.
Çekimli harytlarda size gerek bolan mukdary özüňiz görkeziň.
Girizýän maglumatlaryňyzyň goraglylygyny doly kepil geçýäris.
Indi siz özüňizi oturan ýeriňizden supermarketimizde söwda eden ýaly görüp bilersiňiz. Sebäbi "Belent Online" programmada siziň söýgüli supermarketiňiziň ähli harytlary jemlenendir. Süýjülik tortlary,bişirme kökeleri, işdäaçarlary, et önümleri, grill we döner görnüşleri, çörek önümleri, balyk görnüşleri we supermarketimiziň beýleki harytlaryny doly görnüşde we amatly bahada size hödürleýäris. Biz haryt görnüşlerimizi gün günden köpeltmegimizi dowam etýäris we şol täzelikleri size gyzgyny bilen ýetirmeklige çalyşýarys.
Galybersede, biz sizden geljek tekliplere, pikirlere we soraglara garaşýarys. Siziň bize ýetirjek islendik maglumatyňyz biz üçin örän möhümdir.